Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: 23-nji tapgyra badalga berildi

13:0029.11.2022
0
20546

Sagat 15:00-da başlan ilkinji duşuşyklar bilen şu gün ― 29-njy noýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda 23-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi.

Iki günden ybarat boljak tapgyryň birinji gününde «Merw» bilen «Energetik», «Şagadam» bilen «Nebitçi» hem-de «Köpetdag» bilen «Aşgabat» güýç synanyşýar.

Ertir bolsa «Ahal» «Altyn asyry» kabul eder.

Görşüňiz ýaly, tapgyr derbiler tapgyry bolar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda tapgyryň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri barada aşakdaky maglumatlary paýlaşdy:

23-nji tapgyryň duşuşyklary:

29.11.2022 ý. (sişenbe)
“Merw” – “Energetik”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” – “Aşgabat”
Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: H.Ataniýazow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” – “Nebitçi”
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

30.11.2022 ý. (çarşenbe)
“Ahal” – “Altyn Asyr”
Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň