Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy

16:2529.11.2022
0
18072
Gartaşan jübütler ilkinji gezek duşuşan dükanynda toý tutdy
Surat: meaww.com

ABŞ-da garry jübütler ilkinji gezek tanyşlyk açan azyk harytlary dükanynda toý etdiler diýip, «LADBible» neşiri habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Olar munuň üçin däp bolan kilisede nikalaşmak dabarasyndan ýüz öwürdiler.

72 ýaşly Brenda Uilýams we 78 ýaşly Dennis Delgado ilkinji gezek ýerli dükanda geçen ýyl duşuşypdyrlar, erkek kişi geljekki gelinliginiň üwmeç saýlaýandygyny görüp, oňa kömek etmek kararyna gelipdir. Olar gürrüňdeş bolup, birek-biregi sulhy alypdyr.

«Biri ýeňsämden gelip geplemäge başlady» diýip, Brenda şol pursady ýatlaýar.

Netijede, pensionerler ýarym sagat çemesi gürrüň edipdirler, birek-biregiň telefon belgilerini alşypdyrlar. Bir hepdeden soňra Delgado kilisede ýekşenbe ybadaty wagtynda hanym Uilýamsa sataşypdyr. Görlüp oturylsa, olaryň dertleri hem birmeňzeş bolup çykypdyr, ýagny ikisem ýalňyz ekeni. Şu ýagdaýam olary ýakynlaşdyrypdyr, netijede, pensionerler toý tutmak kararyna gelipdirler. Brenda geljekki adamsyna hut şol ilkinji sataşan dükanynda hem nikadan geçmegi teklip edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň