Soňky habarlar

Arhiw

Aýnur Amanowa Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi

10:5729.11.2022
0
17263

Lebap welaýatyndaky 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa Hindistanyň Puna şäherinde kuraş göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

Aýnur dünýä çempionatyndaky tutluşyklaryna 52 kilograma çenli agram derejesinde çykdy.

Mundan ozal Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Kurbanowanyň we lebaply türgen Aýşirin Haýdarowanyň türkmen ýygyndysynyň bu ýaryşdaky ilkinji medallaryny gazanandygyny habar beripdik.

Ýeri gelende bellesek, türkmen ýygyndysy gazanylan medallaryň umumy sany boýunça dördünji basgançakda ornaşdy. Ýygyndy toparymyz bu orny Hindistan Respublikasynyň hem-de Tailand Patyşalygynyň ýygyndylary bilen paýlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň