Top.Mail.Ru

«Aşgabat» gipermarkedi täze gelen harytlar we ýakynda başlajak Täze ýyl arzanladyşlary barada habar berýär

14:0628.11.2022
0
38283

«Aşgabat» gipermarkedine Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda täze harytlaryň köpdürli görnüşleri gelip gowuşdy. Bu ýerde alyjylaryň dykgatyna aýratyn-da rus öndürijileriniň ýokary hilli şokolad önümleriniň giň görnüşleri, şeýle-de Täze ýyl bezegleriniň dürli hili görnüşleri ýetirilýär (Aýazbabanyň we Santa Klausyň şekiljikleri, çyralar, arça oýunjaklary, arçalar, sowgatlar üçin sandyjaklar we ş.m).

1-nji dekabrdan 31-nji dekabr aralygynda gipermarketde ter bakja we miwe önümleri, şeýle-de dürli hili et önümleri ýaly azyk harytlary arzan bahalardan satyn almak bolýar. Mundan başga hem her hepdäniň anna güni gipermarkediň aýry-aýry bölümlerinde arzanladyşlar we aksiýalar geçirilýär. «Aşgabadyň» gapysynyň agzynda bu ýere gelýänleri ertekileriň gahrymanlarynyň keşplerini döredýän personažlar — haýwanlar, multfilmleriň gahrymanlary, Aýazbaba hem-de Garpamyk garşy alýar.

Bu harytlardan başga hem «Aşgabat» gipermarkedine öňdebaryjy türk öndürijileriniň öndürýän egin-eşik modelleri, şeýle hem amatly bahalardan satyn alyp bolýan original parfýumeriýa önümleri gelip gowuşdy.

Gipermarkediň ýene-de bir özboluşly aýratynlygy — bu ýerde 500 manatlyk we ondan ýokary möçberde söwda edilen ýagdaýynda satyn alnan harytlar Aşgabat şäheriniň islendik ýerine tölegsiz eltilip berilýär. Şeýle-de gipermarkede uzak aralykdan (+993 65) 60 27 77 telefon belgileri boýunça jaň edip sargyt etmek bolýar.

Gipermarket «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň «B» blogunyň 0-njy gatynda ýerleşýär. Iş wagty — 8:00-dan 23:00-a çenli. Gipermarkediň haryt görnüşleri bilen şeýle-de sosial media hasabyndan tanyşmak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň