Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» myhmançylykda ýeňiş gazandy

22:5226.11.2022
0
19896

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde ýaryş tertibiniň ikinji topary «Altyn Asyr» geçiren duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady.

Paýtagtymyzyň topary myhmançylykda «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 49 utuk toplady. Ýedinji orny eýeleýän «Energetigiň» 15 utugynyň bardygyny bellemek gerek.

«Energetik» – «Altyn Asyr» – 0:2

Gollar: 8 Arslan Saparow, 17 Ahmet Nurmedow («Altyn Asyr»)

Duýduryşlar: 83 Serdar Annamämmedow («Eneregetik») – 66 Selim Ataýew («Altyn Asyr»)

Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)/ş.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň