Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady

10:0726.11.2022
0
26394

DÇ-2022-niň ikinji tapgyrynda Niderlandlar bilen Ekwadoryň arasynda duşuşyk geçirildi. Oýun 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşykda hasaby 6-njy minutda Gakpo açdy. Ekwador tarapdan bu gola Walensiýa 49-njy minutda jogap berdi. Şu hasap eminiň soňky jürlewügine çenli üýtgewsiz galdy. Ekwadoryň goluna awtorlyk eden Enner Walensiýa DÇ-2022-däki gollarynyň sanyny 3-e ýetirip, bombardirleriň sanawynda birinji orna geçdi.

Mundan ozal, Kataryň ikinji tapgyrda Senegaldan ýeňlendigini habar beripdik. Şunlukda ikinji tapgyrdan soňra 4 utuk bilen Niderlandlar bilen Ekwador 1-2-nji orunlary paýlaşyp durlar. Senegal 3 utuk bilen 3-nji ýeri eýeläp duran bolsa, iki oýnuň ikisinde-de ýeňlen Katar iň soňky orunda barýar.

«A» toparçasynda üçünji tapgyryň duşuşyklary 29-njy noýabrda geçirilip, olarda Niderlandlar Katar bilen, Senegal Ekwador bilen güýç synanyşar.

Şeýle-de 25-nji noýabrdaky oýunlary Angliýa — ABŞ duşuşygy jemledi. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlandy. Ozal habar berşimiz ýaly, «B» toparçasynda ikinji tapgyryň beýleki oýnunda Eýran Uelsi 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Şeýlelikde, «B» toparçada Angliýa 4 utuk bilen birinji, Eýran 3 utuk bilen ikinji, ABŞ 2 utuk bilen üçünji, Uels bolsa 1 utuk bilen dördünji orunda barýar. «B» kwartetinde üçünji tapgyryň duşuşyklary 29-njy noýabrda 23:55-de başlanar. Üçünji tapgyrda janköýerler Eýran — ABŞ, Angliýa — Uels oýunlaryna tomaşa edip bilerler.

Düýnki oýunlaryň netijeleri:

  • «B» toparça. Uels — Eýran 0:2
  • «A» toparça. Katar —Senegal 1:3
  • «A» toparça. Niderlandlar — Ekwador 1:1
  • «B» toparça. Angliýa — ABŞ 0:0

Bu günki duşuşyklar:

  • «D» toparça. Tunis — Awstraliýa — 15:00
  • «С» toparça. Polşa — Saud Arabystany — 18:00
  • «D» toparça. Fransiýa — Daniýa — 21:00
  • «С» toparça. Argentina — Meksika — 00:00
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň