Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady

09:5425.11.2022
0
15289
Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady
Surat: kz.kursiv.media

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisi Gazagystanyň raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatynda iki şertnamany ratifisirlemek baradaky kanun taslamalaryny tassyklady. Resminamalar ozal Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleri bilen gol çekilipdi diýip, «Kazinform» habarlar gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şertnamalar taraplara howplarda we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ilaty herekete taýýarlamak, duýduryş maglumatlaryny alyşmak, adatdan daşary ýagdaýlary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, taraplaryň çäginde adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmakda kömek bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem resminamalarda taraplaryň çäginde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda gyssagly halas ediş bölümleriniň döwlet serhetlerinden geçmeginiň ýönekeýleşdirilmegi, güýçleriň we serişdeleriň getirilmegi göz öňünde tutulýar.

— Taraplaryň biriniň güýçleri we serişdeleri bilen aradan aýryp bolmajak adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, bu şertnamanyň durmuşa geçirilmegi beýleki tarapyň çäklerinde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda bilelikdäki utgaşdyrylan hereketleriň guralmagyna ýardam berer — diýlip, habarda Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministriniň orunbasary Marat Kuldikowyň sözleri getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň