Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Masdar» kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamany amala aşyrar

14:0623.11.2022
0
35837

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Masdar» 100 MWt kuwwata eýe bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işleşmek hakyndaky Ylalaşyk baglaşdy. Munuň özi «Masdar» kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy bolar.

Ylalaşyga gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi gatnaşdy.

Ylalaşyga Abu Dabide «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäginde «Masdar»-yň ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamel Al Ramahi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow gol çekdi.

Wise-premýer Çarymyrat Purçekow bu şertnamanyň «Masdar»-da uly we baý tejribe toplan gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy arkaly Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjydygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy.

— Merkezi Aziýada köp sanly taslama bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça global lider hökmünde «Masdar» Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşini goldamak üçin zerur bilime we tejribä eýe. Biz ylalaşygyň gol çekilmegini goldaýarys we 100 MWt kuwwatlykly taslamanyň «Masdar»-yň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy boljakdygyna umyt edýäris — diýip, «Masdar»-yň ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamel Al Ramahi belledi.

Ýeri gelende bellesek, bu şertnama «Masdar» bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň