Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli Zenan» hususy kärhanasy tikinçilik hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýar

10:4823.11.2022
0
23339

Milli äheňdäki owadan zenan lybaslaryny hödürleýän «Mähirli Zenan» hususy kärhanasy 25-nji noýabrda ussat tikinçileriň arasynda geçirilýän «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilýän hünär bäsleşiginiň Köpetdag etrap tapgyrynda «Mähirli Zenan» kärhanasynyň tikinçileri birinji orna mynasyp boldular. Bu tapgyra şeýle-de «Aýläle» hem-de «Çaňňa» tikinçilik öýleriniň tikinçi zenanlary, Köpetdag etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzasy Gülälek Babakulowa dagy gatnaşdy.

Aşgabat şäheriniň iň tejribeli tikinçilerini bir ýere jemleýän bu bäsleşigiň birnäçe şertleri bolup, oňa gatnaşyjylar ýaryşyň dowamynda asylly kärlerinde ajaýyp zenan lybaslaryny döretmekde alyp barýan işlerini wasp etmek, gyzjagaz ýa-da oglanjyk üçin milli köýnek tikmek, milli gymmatlyk bolan lybaslary çeper sözde wasp etmek ýaly başarnyklar boýunça bäsleşýärler.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk baýramy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 25-nji noýabrda bolar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň