Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady

16:3721.11.2022
0
15768
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady
Surat: skysports.com

Düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Formula-1» boýunça möwsümiň soňky gran-prisi geçirildi. 58 aýlawdan ybarat bolan Abu-Dabi gran-prisi bu möwsümde howalasy belent bolan Maks Ferstappenniň («Red Bull») ýeňşi bilen tamamlandy. Ikinji orun «Ferrariniň» piloty Şarl Leklere nesip eden bolsa, güýçli üçlügi ýeňijiniň topardaşy Serhio Peres jemledi. Sportuň bu görnüşi boýunça ençeme gezek dünýä çempiony «Mersedesiň» sürüjisi Lýuis Hemilton ýaryşy ahyryna çenli dowam etdirip bilmedi.

Şeýlelikde, britaniýaly türgen öz karýerasynda ilkinji gezek möwsümde ýekeje sapar hem gran-pri ýaryşlarynda ýeňiji bolup bilmezden tamamlady.

Abu-Dabi gran-prisinden soňra «Formula-1» boýunça 2022-nji ýylyň şahsy hasapdaky we konstruktorlaryň arasyndaky gutarnykly jedweli hem mälim boldy. Oňa laýyklykda, 454 utuk bilen «Red Bull» toparynyň sürüjisi Maks Ferstappen şahsy hasapda birinji orny eýeledi. Şeýle-de güýçli bäşlige Şarl Lekler («Ferrari», 308 utuk), Serhio Peres («Red Bull», 305 utuk), Jorj Rassell («Mersedes», 275 utuk) hem-de Karlos Saýns («Ferrari», 246 utuk) girmegi başardy.

Konstruktorlaryň arasyndaky ýaryşda birinji orun 759 utuk toplan «Red Bull» toparyna nesip etdi. Ikinji orna 554 utuk bilen «Ferrari», üçünji orna bolsa 515 utuk bilen «Mersedes» ornaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň