Turkmenportal logo
21.11.22
1951919519
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mingazow «Kitçide» 7-nji goluny urup, Gonkongyň çempionatynyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda birinji orna geçdi
Mingazow «Kitçide» 7-nji goluny urup, Gonkongyň çempionatynyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda birinji orna geçdi

«Kitçiniň» türkmenistanly hüjümçi Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda birinji orna geçdi.


Has takygy, Mingazow «Kitçi» — «Taý-Po» (4:0) duşuşygynda tapawutlanyp, futbol boýunça Gonkongyň çempionatynyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny 7-ä ýetirdi. Şeýle-de Mingazowyň hasabynda Gonkongyň Senýor Şild kubok ýaryşynda urla 3 gol hem bar. Şunlukda ol «Kitçiniň» lybasynda bu möwsümde ähli ýaryşlarda uran gollaryny 10-a tegeledi.


Gazanylan nobatdaky ýeňişden soňra «Kitçi» utuk sanyny 15-e çykardy. Topar häzirki wagtda turnir tablisasynyň ikinji basgançagynda barýar.
«Kitçi» indiki oýnuny 26-njy noýabrda «Istern» toparyna garşy geçirer.


Ýeri gelende bellesek, Mingazow «Kitçiniň» düzümine 2022-nji ýylyň baharynda Gazagystanyň «Kaspiý» toparyndan baryp goşulypdy.