Demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklarynyň bellenilmeginiň tertibi tassyklanyldy

23:5118.11.2022
0
22750

Bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli ulag we kommunikasiýa pudagynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwrüň talaplaryna laýyk getirilip, yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek üçin demir ýol düzüminiň döwrebap desgalarynyň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmagyň hem-de demir ýol arkaly daşalýan ýükleriň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de otlularyň we ulag serişdeleriniň hereketiniň ýygylygy bilen baglylykda, demir ýollaryň gorag zolaklarynyň dürli sazlaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň