Infantino FIFA-nyň ýolbaşçysy wezipesine gaýtadan saýlanylar

23:1217.11.2022
0
16652

Janni Infantinonyň ýene bir dört ýyllyk möhlet bilen Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentligine täzeden saýlanylmagyna garaşylýar.

Guramanyň metbugat gullugy bu wezipä häzir onuň ýeke-täk dalaşgärdigini habar berdi. Saýlawlar 2023-ni ýylyň mart aýynda geçiriler.

Infantino bu wezipäni 2016-njy ýylda Zepp Blatterden kabul edip alypdy. 2019-njy ýylyň iýun aýynda ol ikinji möhlete saýlanyldy.

Gelip-çykyşy italiýaly bolan Infantino Şweýsariýanyň demigrazygynda dünýä indi. Ol 2000-nji ýylda 2016-njy ýyla çenli UEFA-da işledi.

FIFA-nyň ýolbaşçysynyň şu ýylyň sentýabr aýynda Katarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Arslan Aýnazarow bilen hem duşuşandygyny ýatladýarys. Bu duşuşykda Türkmenistanda futboly mundan beýläk hem ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň