Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal Mebel» dükanlary söwda eden müşderilere smartfon sowgat berýär

10:1216.11.2022
0
21733

«Rysgal Mebel» dükanlary özboluşly aksiýa çäresini yglan etdi. Bu aksiýa laýyklykda, mebel dükanlaryndan belli bir möçberde söwda eden müşderilere «Redmi Note 11E» kysymly smartfon sowgat berilýär.

«Rysgal Mebel» dükanlarynda Ýewropanyň hem-de Türkiýäniň öňdebaryjy mebel öndürijileriniň «lýuks» derejeli dürli görnüşli mebelleri bar. «Rysgal Mebel» dükanlarynda alyjylara ýetirilýän brend önümlerden «Vision luxury», «Weltew home», «Roll Mebel», «Seyran Mebel», «Orix Mebel», «Nell Mebel», «Sancrea» hem-de beýlekileri belläp geçmek bolar.

Bu ýerdäki harytlaryň köp sanly görnüşler we ölçegler boýunça ýetirilmegi myhman otagy, ýatylýan otag, çagalar otagy üçin garnituralary saýlap almaga, şeýle-de interýeriň özboluşly bezegine öwrüljek bölekleýin mebelleri — telewizor üçin tumbalar, iş stoly, kreslo, stellaž we beýlekileri üpjün etmäge ýardam berýär.

Dükanlaryň salgylary:

  • Aşgabat: (+993 12) 76 19 52, (+993 12) 75 40 12, (+993 12) 48 61 85;
  • Balkanabat: (+993 222) 5 96 99;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 42 21 09;
  • Mary: (+993 522) 7 23 86;
  • Türkmenabat: (+993 422) 2 11 71.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň