Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mersedes» möwsümde ilkinji gezek dubl etdi

13:0714.11.2022
0
15433
«Mersedes» möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Surat: news.sportbox.ru

Aşgabat wagty bilen 13-nji noýabrdan 14-ne geçilen gije «Formula-1» boýunça möwsümiň 21-nji ýaryşy bolan Braziliý Gran-prisi geçirildi. 71 aýlawdan ybarat bolan bu ýaryşda «Mersedesiň» piloty Jorj Rassel pellehana hemmeden öň gelip, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Ikinji orna, bellenen aralyk üçin ýeňijiden 1,5 sekunt köp wagt sarp eden, Rasseliň topardaşy Lýuis Hemilton mynasyp boldy. Şeýlelikde, «Mersedes» topary bu möwsümde ilkinji gezek dubl etmegi başardy. Braziliýanyň Gran-prisinde güýçli üçlügi «Ferrariniň» piloty Karlos Saýns jemledi.

Braziliýanyň Gran-prisinden soň şahsy hasapda Maks Ferstappen («Red Bull») 429 utuk bilen birinji orunda barýar. Ikinji orun Şarl Leklere («Ferrari») degişli bolup, onuň hasabynda 290 utuk bar. Üçünji ýerde edil şonça utuk toplan Serhio Peres («Red Bull») ýerleşdi.

Konstruktorlaryň arasyndaky ýaryşda «Red Bull» 719 utuk bilen liderligi özünde saklaýar. Ikinji orundaky «Ferraride» 524, üçünji ýerdäki «Mersedesde» 505 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň