Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi

13:4811.11.2022
0
58228

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň ady üýtgedildi.

Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynda:

1) S.A.Nyýazow adyndaky etrapda:

a) etrabyň hem-de onuň Nyýazow şäheriniň atlary üýtgedilip, olara Şabat ady dakyldy;

b) Gülüstan şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa «Sadylla Rozmetow adyndaky» ady dakyldy;

2) Gurbansoltan eje adyndaky etrapda:

a) Gurbansoltan eje adyndaky şäheriň ady üýtgedilip, oňa Andalyp ady dakyldy;

b) Päkize şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa «Rejepguly Ataýew adyndaky» ady dakyldy;

ç) Altyn asyr geňeşliginiň Atamyrat aga obasynyň ady üýtgedilip, oňa Galalygyr ady dakyldy;

3) Akdepe etrabynda:

a) Ataýap şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa «Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky» ady dakyldy;

b) Atçapan geňeşliginiň Azatlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bereketli ady dakyldy;

ç) Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaşsyzlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Täzemekan ady dakyldy;

d) Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Galkynyş obasynyň ady üýtgedilip, oňa Baglyk ady dakyldy;

e) Sähra geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýeketut ady dakyldy;

4) Boldumsaz etrabynda:

a) Almalyk geňeşliginiň Babadaýhan obasynyň ady üýtgedilip, oňa Sähra adyny; Derýalyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Gülzar adyny; Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýalkym ady dakyldy;

b) Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýüpek ýoly ady dakyldy;

ç) 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ýagty ýol adyny; Berkararlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Agzybirlik ady dakyldy;

5) Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşliginiň ady üýtgedilip, oňa Bedirkent ady dakyldy;

6) Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda:

a) Akjadepe şäherçesiniň ady üýtgedilip, oňa «Aşyr Kakabaýew adyndaky» ady dakyldy;

b) Gurbansoltan eje adyndaky geňeşligiň ady üýtgedilip, oňa Gyzyljagala ady dakyldy;

ç) Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň ady üýtgedilip, oňa Gallaçy ady dakyldy;

Lebap welaýatynda:

1) Saýat etrabynda:

a) Tejribeçiler geňeşliginiň ady üýtgedilip, oňa Çarbagdepe ady dakyldy;

b) Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň ady üýtgedilip, oňa Lebapoba ady dakyldy;

ç) Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bagtyýarlyk ady dakyldy;

2) Çärjew etrabynda:

a) Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Rowaçlyk ady dakyldy;

b) Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň ady üýtgedilip, oňa Ak altyn ady dakyldy;

ç) Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň ady üýtgedilip, oňa Magtymguly Pyragy ady dakyldy;

3) Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Abadan ady dakyldy;

4) Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Çarşaňňy adyny; Ýaşlyk obasynyň ady üýtgedilip, oňa Balh ady dakyldy;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň ady üýtgedilip, oňa Bagçylyk ady dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň