Soňky habarlar

Arhiw

Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy

14:3010.11.2022
0
15879
Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy
Surat: gosrf.ru

«Blinkist» atly sanly kitap nusgalarynyň hem-de audiokitaplaryň satyjysy «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maskyň okamak üçin maslahat berýän kitaplarynyň sanawyny ýerleşdirdi. Sanawda agzalan dokuz kitabyň Maska milliarder bolmaga kömek edendigi aýdylýar.

Işewüriň maslahat berýän kitaplarynyň ilkinji üçlügine «Apple» kompaniýasyny esaslandyryjy Stiw Jobsuň ýazyjy Uolter Aýzekson tarapyndan ýazylan terjimehaly girýär. Stýuart Rasseliň «Emeli aňa nädip gözegçilik etmeli» atly ylmy-köpçülikleýin eseri ikinji orunda durýar, şeýle-de Piter Tilýa bilen Bleýk Mastersiň bilelikde ýazan «Noldan bire çenli. Geljegi özgertjek startapy nädip döretmeli» diýen biznes-edebiýaty ilkinji üçlügi jemleýär.

Sanawa Naomi Oreskesiň we Erik Konweýiň «Şübhe satyjylary», Maks Tegmarkyň «3.0. durmuş. Emeli aň eýýamynda adam bolmak», Şon Kerrollyň «Älem. Ýaşaýşyň emele gelşi, biziň ýaradylmagymyzyň manysy we äpet kosmos», Sem Harrisiň «Ýalan», Nik Bostromyň «Ýokary aň: ýollar, howplar, strategiýalar» hem-de Adam Smitiň «Tebigat we halklaryň baýamagynyň sebäpleri barada barlaglar» atly kitaplary girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň