Turkmenportal logo
10.11.22
2431924319
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen-german diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler
Aşgabatda türkmen-german diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmaga çagyrýar.


Türkmenistan bilen GFR-niň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert 24-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda geçiriler.


Konsert sagat 19-da başlanýar, giriş mugt.