Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ufada geçiriljek GDA-nyň mekdep sporty boýunça festiwalyna gatnaşar

20:2906.11.2022
0
18410

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 15-20-nji noýabr aralygynda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň goldaw bermeginde Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherinde geçiriljek GDA agza döwletleriň IX Halkara mekdep sporty festiwalyna gatnaşmagyna garaşylýar.

GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu festiwala Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Türkmenistandan türgenleriň 400-den gowragy gatnaşar.

Festiwalyň çäklerinde ýas türgenler sportuň woleýbol, kiçi futbol, 3x3 basketbol, stol tennisi, badminton we küşt görnüşleri boýunça özara güýç synanyşarlar.

Çeşmede bellenilişi ýaly, festiwala gatnaşyjylar üçin giň gerimli ylmy-medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli ekskursiýalar, Başkyrtystanyň halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşlyk, meşhur türgenleriň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary, kinogörkezilişler we diskotekalar guralar.

Bu festiwaly geçirmek baradaky başlangyç 2012-nji ýylda Mekdep sporty boýunça bütinrussiýa federasiýasy tarapyndan öňe sürlüpdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, GDA agza döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwaly 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Awazada geçirilipdi. Şonda Arkalaşygyň ýurtlaryndan 110 sany mekdep okuwçysy festiwala gatnaşmak üçin bir hepdelik Awaza gelipdi. Şol festiwala figuralaýyn typmak boýunça üç gezek olimpiýa oýunlarynyň çempiony Irina Rodnina ýolbaşçylyk edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň