Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi

13:1005.11.2022
0
36772
Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Möwsüme ak pata berilmegi bilen, çärä gatnaşyjylar hem bu asylly däbe eýerdiler. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy diýip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

Şeýle-de şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda hem ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda täze welaýat merkeziniň gündogar we günbatar künjekleriniň bag-bakjalyga beslenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Ýadymyzda bolsa, ýakynda Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjüniň gatnaşmagynda hünärmenleriň 500-den köpüsini özünde jemlän «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi we bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň ýarym müňden gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutulyp, açyk asmanyň astynda guralan bu çäräni Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň