Turkmenportal logo
04.11.22
1360813608
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kilimanjaro dagyndaky ýangyn iki hepdeden soň söndürildi
Surat: bbc.com

Tanzaniýanyň ýangyn söndürijiler eýýam iki hepde bäri Kilimanjaro dagynda tutaşan ýangyny söndürdiler diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.


Munuň üçin ýangyn söndürijilere ýüzlerçe harbylar kömege geldiler.


Ýangyn 21-nji oktýabrda adybir jülgede ýerleşýän jahankeşdeleriň arasyndan meşhur bolan Karnga düşelgesinde başlandy.


Tanzaniýanyň hökümet başlygy Kassim Majaliwa ýangynyň 30 inedördül kilometri tutandygyny habar berdi, ol ýangynyň sebäpleriniň güýçli şemal zerarly kyndygy üçin indi derňeljekdigini aýtdy.


Kilimanjaro Afrikanyň iň beýik ýanardagy bolup, ol Tanzaniýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.