Beýik Britaniýada Blekbern şäheriniň ýaşaýjysy 82 ýaşly pensioner öz bagynda boýy ýarym metre deň bolan äpet alakany ele saldy diýip, «Daily Star» habar berdi. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
Derek Blamir diýen pensiýadaky adam eýýäm köp ýyl bäri gemrijiler bilen göreşýär, olar gojanyň bagyna girip, ekinlerini haraplaýarlar. Derek şeýle mähnet alakany ömründe ilkinji gezek görýändigini aýdýar.
«Men bu ýerde ýedi ýyl bäri ýaşaýaryn hem-de 50 sany alaka tutdum. Men olary zäherläp ýa-da gapan gurup tutýaryn. Eger alakalar ýene gelseler-de, tutaryn. Olara garşy göreşden dänmäm bolmaz» diýip, Derek ynamly aýdýar.
Ýerli hünärmenler gemrijileriň hüjümine onuň özüniň günäkärdigini aýdýarlar, sebäbi pensioner guşlary yzygiderli iýmleýär, iýmiň ysy bolsa alakalary özüne çekýär.
«Men guşlary iýmlemegimi bir hepde bes edýän welin, aç alakalaryň özleri gelip gapana düşýärler. Olary ele salmak üçin gapana biraz gaýnadylan towuk etini-de goýýaryn» diýip, goja gürrüň berýär.