Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaý atyjy gapynyň gulpundan ýedi peýkam geçirdi

16:4702.11.2022
0
14562
Ýaý atyjy gapynyň gulpundan ýedi peýkam geçirdi
Surat: mir24.tv

Daniýaly ýaý atyjy gapynyň gulpundan yzly-yzyna ýedi peýkam geçirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy, bu barada «Oddity Central» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Lars Anderson 10 metr aralykdan atan peýkamlaryny 10 millimetr göwrümi bolan açar sokulýan deşikden ötürmegiň hötdesinden geldi, ol peýkamlary dyzyna çöküp atdy. Atyjy ýüz ýyl mundan öň türkleriň ulanan ok-ýaýyna meňzeş ýarag ulandy. Okçy Anderson ýaý atmak boýunça özboluşly üstünlikleriň birgideniniň eýesidir, ol 4,9 sekundyň dowamynda ýaýdan 10 peýkam atmagy başaran türgen hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň