Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

16:0902.11.2022
0
13746
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Surat: newscentralasia.net

Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat «Özbek-türkmen halklarynyň dostlugyny berkitmekde Magtymgulynyň döredijiliginiň roly» diýlip atlandyryldy.

Forumyň başy Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedowyň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowanyň, şeýle hem Özbegistanyň Milletara gatnaşyklar we dostlukly aragatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Azamat Toşewiň çykyşlary bilen açyldy.

Maslahatda «Doganlyk halklaryň edebi gatnaşyklarynda Magtymgulynyň orny», «Özbegistanyň türkmenleri: düýn we şu gün», «Magtymgulynyň eserlerinde Merkezi Aziýa halklarynyň dostlugy» ýaly mowzuklar boýunça çykyşlar diňlenildi.

Günüň ikinji ýarymynda Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň Daşary ýurtlar bilen milletara gatnaşyklar we dostlukly aragatnaşyklar komitetinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda komitetiň başlygy Rustambek Kurbanow myhmanlara häzirki wagtda Komitetiň 152 milli medeni merkeziň, 36 dostluk jemgyýetiniň işini utgaşdyrýandygyny we taryhyň, medeniýetiň goralmagyna uly goşant goşýandygyny, Özbegistanda ähli milletleriň we halklaryň ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary we adatlary hakynda gürrüň berdi.

Özbegistanda işleýän ähli milli medeni merkezler bilen bir hatarda, türkmen medeni merkeziniň işi üçin ähli zerur şertleriň bardygy bellendi. Komitetiň binasynda merkez üçin aýratyn otag bölünip berildi, ofis enjamlary, milli saz gurallary we milli eşikler üpjün edildi.

Şeýle hem häzirki wagtda Özbegistanda 44 türkmen dilli mekdebiň işleýändigi habar berildi. Garagalpagystan Respublikasynyň Nukus döwlet uniwersitetinde türkmen filologiýasy fakulteti döredildi we Ajiniýaz adyndaky Nukus pedagogika institutynda başlangyç synplar üçin mugallymlary taýýarlamak fakulteti açyldy.

Garagalpagystan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkezi aýlyk «Mekan» gazetini türkmen dilinde neşir edýär we «Orzu» aýdym-saz ansambly türkmen halkynyň milli we etnografik gymmatlyklaryny sungaty bilen nesilden-nesle geçirýär diýlip, çykyşda bellenildi.

Öz gezeginde, Çynar Rüstemowa duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanda milletara gatnaşyklar babatynda alnyp barylýan döwlet syýasatyna ýokary baha berdi. Şeýle hem, iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini we bu meselede jemgyýetçilik diplomatiýasyna esaslanýan iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Özbegistanda türkmen milletiniň 200 müňden gowrak wekili ýaşaýar. Respublikan türkmen medeni merkezi öz işine 2001-nji ýylyň 7-nji maýynda başlady. Merkeziň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny, taryhyny we dilini ösdürmek, Özbek we Türkmen halklarynyň arasyndaky sazlaşygy we parahatçylygy berkitmekden ybarat bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň