Turkmenportal logo
02.11.22
1029810298
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL-däki toplaryň aratapawudy: «Reýnjersde» -20, «Wiktoriýada» -19

Şotlandiýanyň «Reýnjers» topary Ýewropa Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda urlan we geçirdilen gollaryň aratapawudy boýunça antirekordy täzeledi.​


Ýaryşda «Napoli», «Liwerpul» we «Aýaks» klublary bilen bir kwartetden orun alan Jowanni wan Bronhorstyň tälim berýän «Reýnjersi» ähli duşuşyklarda ýeňlişe sezewar boldy. Urlan we geçirdilen gollaryň aratapawudy bolsa 2-22.​


Şeýlelikde, «Reýnjers» toplaryň aratapawudy boýunça mundan ozal Zagrebiň «Dinamosy» tarapyndan 2011/12-nji ýylky möwsümde goýlan (3-22) antirekordy täzeledi.​


Mundan başga-da, «Barselona», «Inter», «Bawariýa» klublary bilen bir toparça nesibesi çeken Çehiýanyň «Wiktoriýa» topary hem toplaryň aratapawudyndaky -19 netije (5-24) bilen ýaryşyň ozalky antirekordyny gaýtalady.​