Turkmenportal logo
02.11.22
94649464
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý geçen çärýekde demir ýoluň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdi
Hytaý geçen çärýekde demir ýoluň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdiSurat: chinadaily.com.cn

Hytaý 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda demir ýol ugurlarynyň 2,3 müň kilometrini ulanyşa girizdi. Munuň tas 1,2 müň kilometre golaýy ýokary tizlikli demir ýol ugurlary bolup durýar diýip, ýurduň «China State Railway Group» edarasy habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.


Demirýol pudagyndaky esasy gaznalara maýa goýumlaryň möçberi 475 milliard ýuana (66,19 mlrd amerikan dollary) deň boldy.


Hytaýyň Ulaglar ministrliginiň maglumatlaryna görä, üstümizdäki ýylda ýurtda demir ýol ugurlarynyň 3,3 müň kilometrinden gowragyny gurmak meýilleşdirilýär.