Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş

17:5131.10.2022
0
26500

Şu gün Meksikanyň «Rodkges» awtodromynda Formula-1 boýunça Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. 71 aýlawdan ybarat bolan bu ýaryşda möwsümiň çempionlygyny wagtyndan öň özüniňki eden «Red Bulluň» piloty Maks Ferstappen pellehananyň çyzygyny hemmelerde öň kesip geçmegi başardy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde «Mersedesiň» sürüjisi Lýuis Hemilton we «Red Bulluň» agzasy Serhio Peres eýelediler. Şeýlelikde, iki gezek dünýä çempiony Maks Ferstappen mösümde 14-nji Gran-pride ýeňiş gazanyp, bu ugurdaky rekordy täzeledi. Mundan ozalky rekord bir möwsümde 13 Gran-priniň ýeňijisi bolan Mihael Şumaýhere (2004ý.) we Sebastýan Fettele (2013ý.) degişlidi.

Meksika Gran-prisinden soňra, şahsy hasapda Maks Ferstappen («Red Bull») 416 utuk bilen liderligini dowam edýär. Umumy jedweliň 2-nji basgançagynda 280 utuk toplan Serhi Peres («Red Bull»), üçünji orunda bolsa 275 utuk toplan Şarl Lekler («Ferrari») barýar. Hasabynda 231 utugy bolan Jorj Rassel («Mersedes») dördünji orny eýeläp duran bolsa, güýçli bäşligi 216 utuk bilen Lýuis Hemilton («Mersedes») jemleýär.

Konstruktorlaryň arasyndaky ýaryşda «Red Bull» 696 utuk bilen sanawyň öňüni çekýär. Ikinji ýerde 487 utuk bilen «Ferrari» üçünji ýerde bolsa 447 utuk bilen «Mersedes» topary ýerleşipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň