Turkmenportal logo
31.10.22
1202812028
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aždarhanyň öýüniň» ikinji möwsümi 2024-nji ýyldan bärde çykmaz
Surat: usa.firenews.video

«HBO» striming gullugynyň başlygy Mah Keýsi Bloýs «Aždarhanyň öýi» atly täze serialyň ikinji möwsüminiň 2024-nji ýyldan bärde çykmajakdygyny aýtdy diýip, «Vulture» neşiri habar berdi.


«Oňa geljek 2023-nji ýylda garaşmaň. 2024-nji ýylda çykar diýip çaklaýaryn. Biz ýaňy onuň maksatnamasyny düzüp başladyk. Geçen gezekdäki ýaly bu gezegem nämälimlikler kän» diýip, Bloýs belledi.


«Aždarhanyň öýi» 2022-nji ýylyň 21-nji awgustynda tomaşaçylara görkezilip başlandy, iki günden soňra ol «HBO»-da iň köp tomaşa edilen serial hökmünde rekord goýdy. Serialyň jemleýji bölümine, ýaýlyma çykmazyndan iki gün öň internetde goýlandygyna garamazdan, 9 million adam tomaşa etdi.