Turkmenportal logo
30.10.22
1240212402
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rahat Japarowyň topary Gyrgyzystanyň çempionlygyna ýene bir ädim ýakynlaşdy

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynda «Abdyş-Ata» 24-nji tapgyryň çäginde «Ilbirsi» kabul edip, garşydaşyny uly hasap bilen ýeňdi. 6 pökgi geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 4:2 hasabynda tamamlandy.


Ýeňiji toparda türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow esasy düzümde meýdana çykdy we toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.


Duşuşykda «Abdyş-Atanyň» gollaryny 19-njy minutda Arlen Şarşenbekow, 48-nji we 87-nji minutlarda Maksat Alygulow, 82-nji minutda Mirbek Ahmataliýew geçirdi. Myhmanlarda bolsa Baýbol Ermekow 15-nji we 86-njy minutlarda tapawutlandy.


Kant şäheriniň «Merkezi» stadionynda geçirilen bu duşuşykdan soňra utugyny 53-e çykaran «Abdyş-Ata» iň ýakyn bäsdeşi «Alaýdan» 7 utuk öňe saýlanyp, ýaryşyň başyny çekýär. Şeýlelikde, türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Gyrgyzystanyň çempiony bolmaga ýene bir ädim ýakynlaşdy.