Daşkentdäki «Özbegistan» halkara maslahatlar köşgünde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň altynjy mejlisi geçirildi. «Kazinformyň» habar bermegine görä, oňa Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Wengriýa ýaly ýurtlar bilen bilelikde Türkmenistanyň ulag ministri hem gatnaşdy.
TDG-niň Baş sekretarynyň hem-de ulag ugrunda iş alyp barýan halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde türki ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösýändigini bellenildi.
Çärä gatnaşan resmi wekiller ulag pudagynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy meselesine ünsi jemlediler hem-de ýük daşamakda sanly çözgütleriň netijeli ulanylmagyny giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar. Şeýle hem dünýädäki häzirki ýagdaýlaryň ulag aragatnaşygyny ösdürmäge we daşary söwda ýükleri üçin ugurlary diwersifikasiýa etmäge umumy çemeleşmäni talap edýändigini nygtadylar.
Mejlisde edilen çykyşlarda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaý, Hindistan, Pakistan we beýleki Aziýa ýurtlary arkaly esasy dünýä bazaryna, şeýle hem Azerbaýjan we Türkiýe arkaly Ýewropa bazaryna girmegiň möhümdigi bellenildi.
Hünärmenler Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän iň gysga ýollaryň türki ýurtlaryň üstünden geçýändigine ünsi çekdiler. Bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň diňe bir üstaşyr ýükleriň mukdaryny artdyrman, eýsem Ýewraziýa yklymynyň ähli ýurtlarynyň ösüşine hem goşant goşjakdygyny nygtadylar.
Duşuşygyň netijesinde iki resminama — «Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň arasynda halkara multimodal transport barada» Ylalaşyga we «Ulag pudagyndaky özara gatnaşyk» Maksatnamasyna gol çekildi. Bu resminamalar sebitden geçýän ulag geçelgelerini ulgamlaşdyrmaga, ýurtlaryň çäklerinde ulaglaryň köpelmegine, ýollaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga we ýurtlaryň içerki ulag infrastrukturasynyň çalt ösmegine itergi bermäge gönükdirilendir.

