Gazagystan GDA-nyň başlyklyk wezipesini GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisinden soň Gyrgyzystana geçirer. «Kazinform»-yň habaryna görä, muny GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew mälim etdi.
«Dekabr aýynda Gazagystanyň baştutanlygynda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Häzir biz gazagystanly dostlarymyz bilen bu duşuşyga taýýarlanýarys. Biz bu duşuşygyň ýokary derejede geçjekdigine ynanýarys. Soňra Gazagystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlyklyk wezipesini goňşy Gyrgyzystana geçirer» diýip, Sergeý Lebedew GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astanadaky mejlisiniň ahyrynda aýtdy.
Öň Astanada GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilendigini habar beripdik. Duşuşykda sebitde hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe meselelere garaldy. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hem gatnaşdy.

