Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçirilen ekologik okuw sapagyny Rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

21:4528.10.2022
0
20039

Şu gün Ahal welaýatynyň täze gurulýan döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda, açyk asmanyň astynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň bir giň gerimlisi boldy. Oňa oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeni gatnaşdy. Okuw sapagy başlamazdan öň oňa gatnaşmak üçin gelen hünärmenleriň ählisi ýörite usulda bellige alyndy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat häkimliginiň, oba hojalyk ylmynyň wekillerini, pudagyň zähmetkeşlerini, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplaryny, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemlän bu ekologik çärä Türkmenistana gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü gatnaşdy.

Okuw sapagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri miweli baglaryň we üzümçilikleriň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň daş-töwereginiň ekologik ýagdaýyna edýän täsiri barada çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda üzümçiligiň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň şeýledigi ençeme gezek arheologlaryň ylmy barlaglary bilen tassyklanyldy. Häzirki döwürde ýurtda obasenagat toplumynyň bu geljegi uly pudagyna täze itergi berildi. Türkmen topragynda bu ösümligiň dürli görnüşi üstünlikli synagdan geçirildi. Munuň özi üzümiň islendik görnüşini ýetişdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Türkmenistanyň seçgiçileri tarapyndan üzümiň tagamy we beýleki degişli hil görkezijileri bilen tapawutlanýan onlarça görnüşi döredildi.

Ahal welaýatynda-da üzümçiligiň we miweçiligiň gadymy däpleri dowam etdirilýär. Bu sebitiň ýerli toprak-howa şertleri üzümiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň üzümçilikleriniň aglaba bölegi bu ýerde ýerleşendir. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurduň bazarlarynda azyk bolçulygyny döretmek, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine hem saldamly goşant goşýar.

Ekologiýa boýunça Türkmenistanda geçirilen bu giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär. Ozal, has takygy, 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagy hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.

Okuw sapagy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşan diňleýjiler — hünärmenler alan nazaryýet bilimlerini tejribede ulanyp, bu ýerde üzüm nahallaryny oturtdylar. Netijede, bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» atly görnüşiniň 500-den gowrak düýbünden ybarat üzümçiligiň düýbi tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň