Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi

22:3428.10.2022
0
19042

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezini Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul etmek baradaky çözgüt bu halkara assosiasiýanyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen 39-njy Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildi.

Döwlet Baştutany ýurduň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini kesgitleýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezini Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň ýurduň alymlaryna dünýä derejesindäki barlaglara gatnaşmagyny ep-esli işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň