Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi Soçide geçiriler diýip, Kazinform habar berdi.
«Indiki ýyl başlyklyk etjek ýurt hökmünde Gyrgyz Respublikasynyň teklibi bilen, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2023-nji ýylyň iýunynda Soçi şäherinde geçirmek kararyna gelindi» diýip, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailow mejlisiň ahyrynda eden çykyşynda aýtdy.
Şeýlelikde, mejlisde 2023-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlyklygynyň Gyrgyzystana geçjekdigi mälim edildi.
Ozal Astana şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar formatda hem-de giňişleýin mejlisleriniň geçirilendigini habar beripdik. Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alihan Smailowyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise hökümet baştutanlary: Azerbaýjandan — Ali Asadow, Belarusdan — Roman Golowçenko, Russiýadan — Mihail Mişustin, Täjigistandan — Kohir Rasulzoda, Özbegistandan — Abdulla Aripow gatnaşýar. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlyklary: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň başlygy Akylbek Žaparow, Ermenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Mger Grigorýan, Türkmenistandan bolsa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.