Turkmenportal logo
28.10.22
1591415914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar
«Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri​ daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe şertnama baglaşdylar

Aşgabatda geçirilen​ «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» halkara forumynyň çäklerinde penşenbe güni​ «Türkmennebit» we «Türkmengaz»​ döwlet konsernleri halkara hyzmatdaşlary bilen birnäçe şertnamalara gol çekdiler.


Olaryň hatarynda:


— «Türkmennebit» DK we «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasynyň arasynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Blok 19-da 3D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.


— «Türkmennebit» DK önümi ibermek boýunça Shandong kerui petroleum hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu kompaniýa nebiti çykarmaklygy işjeňleşdirmeklige we energiýanyň täze çeşmelerini işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşen utgaşdyrylan çözgütleri we hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýar.


—​ «Türkmengaz» DK önümleri ibermek boýunça «Turba metallurgiýa kompaniýasy» rus kompaniýasy we Auguste International Fze (BAE) kompaniýasynyň arasynda şertnama baglaşyldy.


— «HybridInnovationGmbH» we​ «Türkmennebit» DK​ enjamlary bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy.


— «Türkmengaz» DK önümleri ibermek boýunça «Turba metallurgiýa kompaniýasy» rus kompaniýasy we Auguste International Fze (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.​ Şeýle hem «ProBusiness S.r.l.» (Italiýa), «RMA Kehl GmbH & Co. KG» (Germaniýa), «Crickem DMCC we Boshorus» (BAE), «Webtoll Services Limited» (Kipr) bilen şertnamalara gol çekildi.