«Sony» kompaniýasy özüniň «LinkBuds S Earth Blue» diýen at bilen täze simsiz gulaklygy bilen tanyşdyrdy, ol, esasan, gaýtadan işlenen plastiki suw gaplardan ýasalandyr. Bu barada «Trusted Reviews» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Plastiki gaplaryň enjamyň önümçiliginde peýdalanylmagy özboluşly «mermer bezegi» döretmäge mümkinçilik berdi. «LinkBuds S Earth Blue» daşyndan göräýmäge, «Sony WF-1000XM4» flagman nusgasyny ýatladýar. Ol işjeň goh basyjy ulgam hem-de «aýna ýaly durulyk düzgünine» eýedir. Gajet alty sagat özbaşdak, eger gabyndan güýç berlende, 20 sagat işleýär.
«LinkBuds S Earth Blue» simsiz gulaklyklaryň satuwyna öňdäki noýabrda badalga berler, onuň bahasy 150 dollar töweregi bolar.