Soňky habarlar

Arhiw

Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenistan bilen yzygiderli gatnawlaryň dikeldiljekdigini tassyklady

15:0528.10.2022
0
44299

Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň noýabr aýynda gaýtadan başlajakdygy baradaky habary tassyklady. Bu barada TRT habar berdi.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň beýannamasynda: «Kompaniýamyzyň Dolandyryş Geňeşi, Kirkuk (Yrak) we Türkmenbaşy (Türkmenistan) uçar gatnawlaryny dikeltmek barada karara geldi» diýilýär.

Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Stambuldan Türkmenbaşy we gaýdyp baryş ugry boýunça yzygiderli uçuşlarynyň 2-nji noýabrda gaýtadan başlajakdygyny ýatladýarys. Yzygiderli uçuşlar çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar.

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça göni uçuşlara başlandygyny ýatladýarys. Uçuş hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň