Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow käbir häkimliklerde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi

22:0025.10.2022
0
26025
Serdar Berdimuhamedow käbir häkimliklerde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde pagta ýygymynyň depgini hem-de pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, hasyly kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi, şeýle-de bugdaý ekişiniň depgini, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlary berdiler. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur bolan ot-iým taýýarlamak hem-de mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamak boýunça geçirilýän çäreler barada-da hasabat berildi.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada habar berildi.

Degişli hasabatlarda gant şugundyry ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnap almak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almagyň häzirki günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy. Bu ugurdaky işleriň Ahal welaýatynyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirdi hem-de pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegi welaýat häkiminden talap etdi.

Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmelidigi bellenip, bu babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany pagta hasylyny wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça işleriň Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Akdepe, Boldumsaz, Lebap welaýatynyň bolsa Döwletli, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda haýal, pes derejede alnyp barylýandygyny belläp, bu babatda degişli häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi welaýat häkiminden talap etdi.

— Bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir hem-de ýetişdirilen gant şugundyrynyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli tagallalar görülmelidir – diýip, döwlet Baştutany häkime anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda häkimlere maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslyna taýýarlyk işleriniň öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylmagy, sebitlerde şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygy bilen baglylykda-da anyk tabşyryklar berildi.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylynyň ýitgisiz ýygnalmalydygy, bu ugurdaky işleriň berk gözegçilikde saklanmalydygy babatda bu sebitleriň häkimlerine tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany degişli tehnikalaryň doly kuwwatynda işledilmeginiň hasabyna bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda hem-de bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň ähmiýetini nygtap, munuň häzirki döwrüň talaby bolup durýandygyny belledi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur görülýän çäreler, bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer, döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, Lebap welaýatyna amala aşyran iş sapary boýunça, bu sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we bugdaý ekişini geçirmek, ekerançylyk meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere pagta ýygymy hem-de bugdaý ekişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş harmanhanalarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işledilmelidigi, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigi, bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň