Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Karolinanyň häkimiýetleri gaçak geçiniň eýesini tapanoklar

16:5024.10.2022
0
23661
Günorta Karolinanyň häkimiýetleri gaçak geçiniň eýesini tapanoklar
Surat: gazeta.ru

ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynyň häkimiýetleri şäherde ygyp ýören geçiniň eýesini näçe gün bäri gözleseler hem tapyp bilenoklar diýip, «UPI» neşiri habar berýär.

Okrugyň şerifi Anderson geçiniň çarşenbe güni ele salnandygyny gürrüň berýär. Geçi köçelerde alakjap ýörşüne ulaglylara hem-de pyýadalara mazaly päsgelçilik döredipdir. Ahyry ony polisiýa işgärleri tutup, polisiýa jaýyna getiripdirler. Emma her näçe gözlense-de, geçiniň eýesi tapylanok. Munuň üçin sosial ulgamlarda we köçelerde bildiriş ýerleşdirildi, emma gaçgak geçiniň eýesi ses berenok. Eger eýesi tapylmasa, geçiniň ýörite saklawhana gowşuryljakdygyny polisiýa habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň