Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda haýsy obalara şäherçe derejesi berler?

10:1924.10.2022
0
10344

Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň çykyşynda aýdylyşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gülüstan obasyna; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Akjadepe obasyna; Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gökçäge obasyna; Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Ataýap obasyna; Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Bereket obasyna; Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Päkize obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.

Şeýlelikde, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berip, Türkmenistan boýunça Sadulla Rozmetow adyndaky, Aşyr Kakabaýew adyndaky, Gökçäge, Ataýap, Bereket hem-de Rejepguly Ataýew adyndaky täze şäherçeleri döretmek teklip edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň