Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri

10:0024.10.2022
0
9341

Ozal habar berşimiz ýaly, şenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hususan-da, dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen baglylykda, mejlisde welaýatlar boýunça şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.

Ahal welaýaty boýunça:

Etrap hukukly Tejen şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de Tejen şäherini Tejen etrabynyň düzümine geçirmek; Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Kasamly jülge obasyny, Gäwers geňeşliginiň Guryhowdan obasyny hem-de Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Birleşik obasynyň ilatynyň 50 adamdan azdygy sebäpli, Birleşik obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň Döwletabat obasynyň we Garaman geňeşliginiň Garaman obasynyň Sarahs şäherine birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirip, Döwletabat obasyny hem-de Garaman geňeşligini, Garaman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla geňeşligini ýatyryp, onuň Akýaýla obasyny we Berkararlyk şäherçesiniň Balykçy obasyny Ýaşlyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Ak bugdaý etrabynyň Gäwers geňeşligini ýatyryp, onuň Gäwers hem-de Gäwers bekedi obalaryny Bereketli zaman şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň A.Garlyýew adyndaky obasyny Zähmet geňeşliginiň düzümine, Garajaowlak obasyny bolsa Garawekil geňeşliginiň düzümine geçirmek; Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Şükür bagşy adyndaky obasyny Duşak şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Tejen etrabynyň Lukman geňeşligini ýatyryp, onuň Lukman obasyny Waharman geňeşliginiň düzümine geçirmek; Tejen etrabynyň Seleňli geňeşligini ýatyryp, onuň Seleňli obasyny Zaman geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň çäginde Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplaryny, 8 sany etrapdaky şäheri, 9 şäherçäni, 82 geňeşligi we 231 sany obany galdyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Balkan welaýaty boýunça:

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çägindäki syýahatçylyk infrastrukturasyny, bu etrabyň has-da depginli ösmegini üpjün etmek, ulag, port, senagat mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, şäheri bir edara ediş merkezinden dolandyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny ýatyrmak; etrap hukukly Gumdag, Hazar şäherleriniň hukuk derejesini üýtgedip, olara şäherçe derejesini bermek hem-de olary Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Hazar şäheriniň Garagöl şäherçesini ýatyryp, oňa oba derejesini bermek we ony Hazar şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermek; Türkmenbaşy etrabynyň Oglanly şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Oglanly obasyny, Esenguly etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Balkanabat şäheriniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek teklip edilýär.

Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň adyny üýtgedip, olara taryhy adyny, ýagny Gyzylarbat adyny dakmak hem-de etrap hukukly Serdar şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek we ony Serdar etrabynyň düzümine geçirmek teklibi öňe sürülýär. Şu nukdaýnazardan, Bereket etrabynyň Däneata geňeşligini ýatyryp, onuň Däneata obasyny Oboý geňeşliginiň düzümine geçirmek; Magtymguly etrabynyň Gyzylymam geňeşligini ýatyryp, onuň Gyzylymam obasyny Çendir geňeşliginiň düzümine geçirmek; Türkmenbaşy etrabynyň Goşaoba geňeşligini ýatyryp, onuň Goşaoba, Süýli, Ybyk we Gürji obalaryny hem-de Oglanly şäherçesiniň Hudaýberdi obasyny Akguýy geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Serdar (Gyzylarbat) we Türkmenbaşy etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, 1 sany şäherdäki etraby, 6 etrapdaky şäheri, 14 şäherçäni, 30 geňeşligi we 114 sany obany Balkan welaýatynyň çäginde galdyrmak teklip edilýär.

Daşoguz welaýaty boýunça:

Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Gubadag etrabyny ýatyrmak we Gubadag etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirmek; Gurbansoltan eje adyndaky etraby Akdepe etrabynyň düzümine geçirmek hem-de täze döreýän etrabyň edara ediş merkezini Gurbansoltan eje adyndaky şähere geçirmek; etrap hukukly Köneürgenç şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de ony Köneürgenç etrabynyň düzümine goşmak teklip edilýär.

Daşoguz şäherinde iri senagat zolaklaryny we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly ýer gaznalaryny döretmek üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň dolandyryş çägine degişli 8 müň 20 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň edara ediş çäklerine goşmak bilen, jemi 11 müň 804 gektar ýer bölegini Daşoguz şäheriniň dolandyryş çägine degişli etmek hem-de şol ýerlerde şähere ýanaşyk ýerleşýän Bossan geňeşliginiň Panahan obasyny, Gülüstan geňeşliginiň Parahat obasynyň Özbegistan, Ürgenç, Nowruz, Kenar, Gubadag köçelerini, A.Nowaýy adyndaky geňeşligiň Gargaköpri obasyny, Biruni adyndaky geňeşligiň Biruni adyndaky obasyny we Wahymgala obasyny, Adalat geňeşliginiň Şatlyk obasyny, Babadaýhan obasyny hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň Bagtyýar zaman, Dostluk, Boý, Emirgala, Garagum, Haýwat, Seýpel obalaryny Daşoguz şäheriniň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gülüstan obasyna; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Akjadepe obasyna; Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Gökçäge obasyna; Akdepe etrabynyň Orazgeldi Ärsaryýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Ataýap obasyna; Köneürgenç etrabynyň Abadan geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Bereket obasyna; Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky geňeşliginiň edara ediş merkezi bolan Päkize obasyna şäherçe derejesini bermek teklip edilýär.

Iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümindäki obalary golaýda ýerleşýän geňeşlikleriň we şäherleriň düzümine geçirmek bilen, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Altyn asyr geňeşligini ýatyryp, Altyn asyr we Atamyrat aga obalaryny Üçkepderi geňeşliginiň düzümine geçirmek; Ruhubelent etrabynyň Altyn zaman geňeşligini ýatyryp, onuň Altyn zaman obasyny Tüniderýa geňeşliginiň düzümine geçirmek; Garaköli geňeşligini ýatyryp, onuň Yslam, Çaýyrly we Gyzyljaburun obalaryny Şagadam geňeşliginiň düzümine geçirmek; Wasabat geňeşligini ýatyryp, onuň Wasabat we Uzboý obalaryny Aşyk Aýdyň geňeşliginiň düzümine geçirmek; Magrupy adyndaky geňeşligini ýatyryp, onuň Magrupy adyndaky, Maňgyr, Täzeýer obalaryny Şabende geňeşliginiň düzümine geçirmek; Bedirkent geňeşligini ýatyryp, onuň Şagadam, Oglanly obalaryny Geňeş geňeşliginiň düzümine geçirmek; Oguz han geňeşligini ýatyryp, onuň Oguz han obasyny Ruhnama geňeşliginiň düzümine geçirmek; S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligini ýatyrmak; Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Mollaoraz Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman obasyny Saparmyrat Türkmenbaşy şäherine birleşdirip, Tomman obasyny dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýörite ýer gaznalarynyň çäginde Döwkesen geňeşliginde täze dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Baleýşem we Ak oý atlaryny dakmak teklip edilýär.

Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynyň çäginde Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, S.A.Nyýazow adyndaky (Şabat), Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç we Ruhubelent etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 8 etrapdaky şäheri, 7 şäherçäni, 126 sany geňeşligi we 594 sany obany galdyrmak teklip edilýär.

Lebap welaýaty boýunça:

Döwletli, Farap etraplaryny ýatyryp, Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny hem-de Hojahaýran, Miras, Täzedurmuş, Berkararlyk, Pagtaçy, Tallymerjen geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan, Serdar geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek; Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny hem-de Soltanýazgala, Dostluk, Seýdi, Lamma, Akgala, Rahmançäge, Ärsarybaba, Baý, Zelili adyndaky geňeşliklerini Saýat etrabyna geçirmek teklip edilýär.

Şeýle-de iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyryp, onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Miras geňeşligini ýatyryp, onuň Miras we Garagum obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Serdar geňeşligini ýatyryp, onuň Serdar we Dostluk obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyryp, onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmek; Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyryp, onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmek; Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyryp, onuň Ýürekdepe we Aýrybaba obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmek; Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Miweçiler we Gyzylýarymaý obalaryny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmek hem-de Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmak; Çärjew etrabynda ýörite ýer gaznasynyň çäginde dörän täze ilatly ýere oba derejesini bermek we oňa Dostluk adyny dakmak, ol obany Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň çäginde Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ini, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany galdyrmak teklip edilýär.

Mary welaýaty boýunça:

Welaýatyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde Oguzhan, Serhetabat etraplaryny ýatyrmak, Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherini, Döwletli zaman, Parahat şäherçelerini, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşliklerini Sakarçäge etrabynyň düzümine geçirmek; Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini, Deňizhan, Dostluk geňeşliklerini Murgap etrabynyň düzümine geçirmek; Serhetabat etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Tagtabazar etrabynyň düzümine geçirmek teklip edilýär.

Şeýle hem iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşligini ýatyryp, onuň Türkmenistan obasyny Azat geňeşliginiň düzümine geçirmek; Murgap etrabynyň Birleşik geňeşligini ýatyryp, onuň Birleşik obasyny Suhty geňeşliginiň düzümine geçirmek; Suhtyýap geňeşligini ýatyryp, onuň Suhtyýap obasyny Gatyýap geňeşliginiň düzümine geçirmek; Oguzhan etrabynyň Aýhan, Daghan, Günhan geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Aýhan, Daghan we Günhan obalaryny Gökhan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Mary etrabynyň Parahat geňeşligini ýatyryp, onuň Akgoňur obasyny Abadanlyk geňeşliginiň düzümine geçirmek; Milli goşun geňeşligini ýatyryp, onuň Mawyteber obasyny Gyzylgum geňeşliginiň düzümine hem-de Gurtzäkir obasyny A.Mämmedowa adyndaky geňeşligiň düzümine geçirmek; Mülkburkaz geňeşligini ýatyryp, onuň Mülkburkaz, Soltanyz we Ýolly obalaryny Mary şäherine birleşdirmek; Wekilbazar etrabynyň Mary şäherine ýanaşyk ýerleriniň bir bölegini Mary şäherine bermek teklip edilýär.

Käbir obalaryň ýanaşyk şäherlere we obalara birigen bölegini birleşdirmek bilen, Türkmengala etrabynyň Kemine geňeşliginiň Täzebirleşik obasyny Kemine obasyna birleşdirmek; Soltanýap geňeşliginiň Sarygoba obasyny Ýyldyz obasyna birleşdirmek; Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň Garaboragan, Sytdyh obalaryny bu geňeşligiň edara ediş merkezi bolan Janybek obasyna birleşdirmek; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýolöten ylmy-önümçilik synag merkeziniň ýaşaýyş jaý toplumyny Ýolöten şäherine birleşdirmek; Hakykat geňeşliginiň Gyzylýap obasyny Hakykat obasyna birleşdirmek; Soltanbent geňeşliginiň Täzedaýhan we Gyzyl obalaryny, degişlilikde, Dostluk obasyna hem-de Soltanbent obasyna birleşdirmek, Mary we Tagtabazar etraplarynda ýörite ýer gaznalarynyň çäginde dörän ilatly ýerlere oba derejesini bermek hem-de olara Aköýli, Akgaýa atlaryny dakmak teklip edilýär.

Şeýlelikde, Mary welaýatynyň çäginde Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar, Wekilbazar we Ýolöten etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 2-sini, etraplaryň 6-syndaky şäherleri, 14 şäherçäni, 134 sany geňeşligi we 321 obany galdyrmak teklip edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň