Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda geçirilen tutluşykda hasap açylmady. Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşygyň baş emini Arslan Goşşanow boldy.
«Altyn asyr» duşuşygy 10 oýunçy bilen tamamlady: 61-nji minutda kapitan Ahmet Ataýew ikinji sary kartyndan soň oýundan çykaryldy.
Şeýlelikde, «Ahal» Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda 16 duşuşykda utugyny 42-ä çykardy. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary 18 duşuşykdan bäri hiç bir garşydaşyndan ýeňlenok. Topar bu duşuşyklarda 15 ýeňiş gazandy. Olaryň 13-si Türkmenistanyň çempionatyna degişlidir.
Ýurduň häzirki çempiony «Altyn asyr» bolsa 35 utuk bilen ikinji orunda barýar. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri çempionatyň şu möwsüminde 10 duşuşykda ýeňiş gazandylar, 5 gezek deňme-deň oýnadylar, bir duşuşykda bolsa utuldylar.
Futbol janköýerlerine 26-njy oktýabr güni ýene bir Türkmenistan derbisi garaşýar. Şol gün «Ahal» bilen «Altyn asyr» Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda duşuşarlar.
Çempionatyň indiki tapgyrynda bolsa «Altyn asyr» 31-nji oktýabr güni Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» bilen güýç synanyşar. Ondan bir gün öň «Ahal» «Energetigi» kabul eder.