Turkmenportal logo
23.10.22
2096120961
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýyň Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti Si Szinpini üçünji möhlete saýlady
Hytaýyň Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti Si Szinpini üçünji möhlete saýlady

Hytaýyň Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti düýn Si Szinpini Baş sekretaryň wezipesine üçünji möhlete saýlady. Bu barada TASS bu ýurduň «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi.


Garaşylyşy ýaly, HHR-nyň Başlygy Si Szinpin döwletiň baştutany hem-de ýurduň Merkezi Harby geňeşiniň başlygy wezipelerini saklap galar.


Hytaýyň Kompartiýasynyň Merkezi Komiteti şeýle-de Syýasy býuronyň täze düzümini saýlady, Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň habaryna görä, oňa öňki agzalaryň 7-si girdi.