Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy

14:5123.10.2022
0
33732

22-nji oktýabrda Abu Dabide (BAE) geçirilen UFC 280 söweş agşamynyň esasy tutluşygynda dagyssanly Islam Mahaçýew (22-1) braziliýaly Çarlz Oliweýrany (33-8) ýeňlişe sezewar edip, ýeňil agram derejesinde boş duran çempionlyk guşagyna eýe çykdy. Tutluşygyň ikinji raundynda Mahaçýew wagtyndan öň gapma-garşylygyň ykbalyny öz peýdasyna çözmegi başardy. Şeýlelikde, Mahaçýewiň bassyr 11-nji ýeňşi Oliweýranyň 11 ýeňişden ybarat şowly ýörişiniň tamamlanmagyna sebäp boldy.

Ýeri gelende bellesek, 31 ýaşly Islam Mahaçýew Petr Ýan we Habib Nurmagomedowdan soňra UFC-de çempionlyk guşagyna mynasyp bolan üçünji russiýaly türgen hökmünde taryha girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň