Şu gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlisiň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.
Mejlisiň işine Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleriniň degişli orunbasarlary, şeýle-de welaýat häkimlikleriniň jogapkär hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň başynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurduň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwlet dolandyryş ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň kabul edilendigini belläp, Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmegiň, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmegiň, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işleri alyp barmagyň esasy mesele bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy öňde goýlan bu wezipeleriň ýurduň sebitlerini ösdürmekde wajyp ähmiýeti nazara alnyp, mejlise Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanylandygyny belledi. Şoňa görä-de, mejlisiň gün tertibiniň ýurduň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler hakyndadygyny nygtady.
Mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, welaýat häkimleriniň, käbir ministrleriň çykyşlary we teklipleri diňlenildi.
Mejlisde bellenilişi ýaly, ýurt boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, 6 sany etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak; şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda ýurduň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegiň maksat edinilýändigi barada aýdanlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 36 sany obanyň golaýynda ýerleşýän ilatly ýerlere birigendigini göz öňünde tutup, olary birleşdirmek; 6 sany oba şäherçe derejesini bermek; welaýatlarda ýörite ýer gaznasynyň çäginde raýatlara jaý gurmak üçin berlen mellek ýerlerinde dörän bäş sany ilatly ýerlere oba derejesini berip, 5 sany obany döretmek; käbir dolandyryş-çäk birlikleriniň atlaryny üýtgedip, olara degişli tekliplere we döwrüň ruhuna kybap gelýän täze atlary goýmak teklip edilýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, mejlisde öňe sürlen tekliplere esaslanyp, welaýatlaryň durnukly ösüşi üçin dolandyryş hem-de çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen, ýurtda bar bolan serişdelerden we mümkinçiliklerden has-da doly peýdalanmak üpjün ediler. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň meýilnamalaýyn hem-de maksadalaýyk peýdalanylyşyna döwrebap gözegçilik amala aşyrylar. Ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýokary depginleri welaýatlaryň önümçilik güýçleriniň hemmetaraplaýyn ösmegini hem-de senagatlaşma derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Uly hem-de häzirki zaman kärhanalarynyň giň möçberde döredilmegine ýardam berer. Şeýle-de sebitleriň milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyny has-da artdyrar.