KFU-da türkmenistanly ýaşlaryň 3727-si bilim alýar

13:1322.10.2022
0
55397

Kazan Federal uniwersitetinde (KFU) Türkmenistandan 3 müň 727 talyp bar. Munuň özi uniwersitetde daşary ýurtly talyplaryň iň uly toparydyr ― diýip, Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.

21-nji oktýabrda, anna güni KFU-da Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Gaýç Garaýew bilen ylmy işler boýunça prorektor Lenar Safiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Çeşme bu duşuşyk barada «Gepleşikleriň dowamynda taraplar Kazan Federal Uniwersiteti bilen ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesinde hyzmatdaşlygyň ösüşi we geljegi barada pikir alyşdylar» diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň