«MIR 24» Hazar deňziniň türkmen kenaryna gyzylaýaklaryň gyşlamaga gelendigini ýazdy.
Ornitologlaryň pikiriçe, Hazar deňziniň gündogar kenary mylaýym howasy we baý iýmit üpjünçiligi bilen «Gyzyl kitaba» girizilen bu guşlary özüne çekýär ― bu ýerde gyzylaýaklaryň iýmitiniň esasyny düzýän ownuk gabyk we suwotular köp.
Guşlar her ýylyň oktýabr aýynda Hazaryň gündogar kenaryna uçup, mart-aprel aýlarynda yzyna dolanýarar.
Guşlaryň erikleriniň reňkindäki gülgüne dürli öwüşginleri iýmit aýratynlyklary bilen düşündirilýär ― gyzylaýaklaryň iýmitlenýän gabygy we suwotulary gyzyl reňkde köp mukdarda beta-karotini öz içine alýar. Bu guşlar beta-karotini öz içine almaýan iýmit iýip başlasa, ýelekleri kem-kemden ak bolar.