Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

19:0521.10.2022
0
42090

21-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabatda gurlan «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle-de açylyş dabarasyna iki ýurduň resmi adamlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasynda türkmen we özbek halklarynyň milli aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Türkmenistanda ýaşaýan özbek milletine degişli ýaşlaryň bagt toýy tutulyp, döwlet Baştutanlary olara bagtly durmuş arzuw etdiler. Şeýle-de özbek Lideri bu seýilgähde bag nahalyny oturtdy.

Ýeri gelende bellesek, Bu seýilgäh Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşip, onuň umumy meýdany 30 müň inedördül metre ýa-da 3 gektara barabardyr. Seýilgähiň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.

Seýilgähiň çäginde özbek paýtagtynyň gözel künjeklerini «Aşgabatda jemleýän» desgalaryň 20-den gowragy bar. Olaryň daş-töweregi gür baglyga bürelipdir. Seýilgähiň girelgesinde «Ezgulik» binasy ýerleşdirilipdir.

Seýilgähiň çäginde ululy-kiçili suw çüwdürimleri, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança bolup, olar özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelipdir. Şunda kesişýän gönüburçluklaryň we sekizburçly ýyldyzyň şekilleriniň seýilgähiň çäginde köp desgalarda ulanylandygyny aýtmak gerek. 100-e çenli adamy kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň öňünde seýilgähiň özboluşly desgasy — çäýnek bilen käsäniň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär. Bu künjek diňe bir meşhur özbek aşhanasynyň tagamlary bilen däl, eýsem, seýilgähiň Daşkendiň täsin arhitektura desgasy hasaplanýan telewizion diňi görnüp duran merkezi böleginiň ajaýyp görnüşleri bilen hem şäheriň ýaşaýjylaryny özüne çeker.

Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli görnüşli attraksionlar, syn ediş çarhy, awtoulaglary goýmaga niýetlenen ýer göz öňünde tutulypdyr. Täze seýilgähiň çägindäki Sagdyn durmuş ýörelgesi merkeziniň (Ekoseýilgäh) bolsa sagdyn durmuşy ýörelge edinen dürli ýaşdaky raýatlaryň iň gelim-gidimli künjekleriniň biri boljakdygy ikuçsuzdyr. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek, maşgala bolup dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň