Habar berşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taslamalaryna seredilip, degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer Ş.Abdyrahmanow şu ýylyň 26 — 28-nji oktýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» («OGT — 2022») atly 27-nji halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň köp sanly belli kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýerli wekiller hasaba alyndy. Halkara serginiň işine ýerli kärhanalaryň hem-de telekeçileriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanlysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz ulgamynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny, Türkmenistanyň energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ählumumy binýadyny kemala getirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň işjeň ilerledilmegi babatynda uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda netijeli tejribe alyşmak, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermek, geljegi uly bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek babatda uly ähmiýeti bolan halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.