Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trass iş başyndan gitmekçidigini Dauning-stritde metbugat wekilleriniň öňünde çykyş edende aýtdy diýip, «Sky News» habar berdi.
Ol, şunuň bilen birlikde, täze Hökümet başlygy saýlanýança wezipesinde galjakdygyny aýtdy. Konserwatorlar partiýasynyň täze lideriniň saýlawlary öňdäki hepdede geçiriler diýip, Trass belledi.
Liz Trass häzirki wezipesinde 45 gün işledi we Beýik Britaniýanyň taryhynda iň az işlän Premýer-ministr boldy. Mundan öň bu ugurdaky antirekord 1827-nji ýylda wezipedekä aradan çykan Jorj Kannunge degişli bolup, ol ýurdy 119 gün dolandyrdy.